Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilim işgärleriniň makalalarynyň, hekaýalarynyň we goşgularynyň iň gowularyny çap etmegi nazarda tutup, «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler.
Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda edilýän tagallalary, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly eserleriniň, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagtyny makalalarda, hekaýalarda we goşgularda beýan etmekden ybarat.
Bäsleşige hödürlenilýän işlerde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlarynda gazanylan beýik ösüşler beýan edilmelidir. Şeýle hem bäsleşige hödürlenilýän işlerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýol-ýörelgelerimize daýanyp, ýaş nesli watançylyk we ajaýyp zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti wasp edilmelidir. Şonuň ýaly-da, halkymyzyň watansöýüjilik ýörelgesini, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ähli bilim işgärleri gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik üç ugur boýunça geçirilýär:
— iň gowy makalalar;
— iň gowy hekaýalar;
— iň gowy goşgular.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalar, hekaýalar we goşgular döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr.
Bäsleşige ozal çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenmelidir.
Bäsleşige hödürlenilýän işler kagyz görnüşinde hem-de elektron göterijide kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän bilim işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini, wezipesini, ylmy derejesini, iş we öý salgysyny hem-de telefon belgisini görkezmelidir we döredijilik işini «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasyna gowşurmalydyr.
Bäsleşige hödürlenilen işler bilim we döredijilik işgärlerinden düzülen ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has tapawutlananlary «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap ediler.
Bäsleşigiň jemi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda — sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde jemlener.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-96-48, 39-96-40.
Gazetiň elektron poçtasy: mugallymlar-gazeti@sanly.tm
Teswirler