«Galkynyş» ýene bir gezek Dünýäni haýran galdyrdy

Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä sirk Federasiýasy hem-de Ýewropa sirk Assosiasiýasy tarapyndan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy tutuş türkmen halkyny begendirdi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň yzygiderli gazanýan üstünliklerine halkymyz diýseň buýsanýar. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda döredilen bu topar geçen şanly ýylda Monte-Karlo şäherinde geçen Halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy. Galyberse-de, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleriniň hatarynda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungatynyň festiwalyndaky, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalyndaky, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalyndaky, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlaryndaky şowly çykyşlaryny agzamak ýakymly. Şolaryň ählisinde hem bu topar baş baýraklara mynasyp boldy. Mundan başga-da, at üstündäki oýunlar topary 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I halkara festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigini gazandy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçen Halkara sirk festiwalyndaky nobatdaky üstünligi onuň ýeňişleriniň üstüni ýetirdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok