«Diýar» žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan etdi!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny dabaralandyrmak, ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Ylym ösüşleriň ygtybarlygy, ýaşlar hyjuw bilen bezär barlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz belent üstünliklere beslenýär. Halkymyzyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi hem-de milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr!» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Ylym ösüşleriň ygtybarlygy, ýaşlar hyjuw bilen bezär barlygy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Döredijilik bäsleşiginiň düzgünleri we talaplary:

– Bäsleşige 35 ýaşa çenli bolan ähli ýaşlar gatnaşyp bilerler.
– Gatnaşyjylar hödürleýän eserlerinde ylym-bilim, innowasiýa, täze tehnologiýalar, ýaşlaryň ukyp-başarnyklary, döredijilik mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdumyzyň ösüşlerine goşulýan goşantlar baradaky mowzuklara aýratyn üns bermelidirler.
– Eserlerde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy ösüşler, sanly ulgam, ýaşlaryň bilim mümkinçilikleri, döredijilik başlangyçlary, watansöýüjilik, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty wasp edilmelidir.
– Bäsleşige hödürlenýän işler täzeçillik ruhunda ýazylyp, awtoryň şahsy garaýşyny, pikir çuňlugyny hem-de döredijilik ukybyny açyp görkezmelidir.
– Gatnaşyjylar bäsleşige birnäçe eseri hödürlemek hukugyna eýe bolup, bu eserler öň metbugat neşirlerinde çap edilmedik we awtoryň şahsy döredijiligine degişli bolmalydyr.
– Bäsleşige hödürlenýän eserler «Ylym ösüşleriň ygtybarlygy, ýaşlar hyjuw bilen bezär barlygy» diýen ýazgy bilen, elektron görnüşde, awtoryň doly ady, ýaşaýan ýeri, okuw ýa-da iş ýeri, telefon belgisi görkezilip we şu salga ýollanmalydyr: diyar-zurnaly@sanly.tm
– Döredijilik işleri 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabryna çenli kabul edilip, noýabr aýynda bäsleşigiň jemi jemlener.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, şeýle hem «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
«Diýar» žurnalynyň redaksiýasy: 39-95-22
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-55.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok