«Bedew batly Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde «Bedew batly Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Döredijilik bäsleşigine milli senenamamyzda orun alan baýramçylyklar, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, ýurdumyzda açylyp ulanylmaga berilýän ýa-da düýbi tutulýan medeni-durmuş maksatly binalar hakynda ýazylan goşgular hödürlenilýär.

Eserleri «Bedew batly Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen 2026-njy ýylyň 1-nji martyna çenli «sanly-medeniyet@sanly.tm» elektron salga ibermeli.

Döredijilik bäsleşigi şu ýylyň dekabr aýynda jemlener. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm saýtynda ýerleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok