«Bedew batly Diýarym!» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda döredijilik bäsleşikleri yglan edilýär. Olarda halkymyzyň eşretli durmuşy, döwletimiziň adamzat bähbitli asylly başlangyçlary, amal edýän beýik işleri, dünýä ýüzündäki belent abraýy, halkara dost-doganlyk, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri, türkmençilik ýörelgesi, şöhratly taryhymyz, ýaşlar syýasaty, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilýän miweleri şöhlelendirilýär.

«Watan» gazetiniň redaksiýasy hem şeýle asylly maksatlary çelgi edinip, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan okyjylarymyzy goldamak, olardan has zehinlilerini ýüze çykarmak üçin «Bedew batly Diýarym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige döredijilik bilen iş salyşýan okyjylarymyzyň her biri (öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini hödürläp bilerler. Bäsleşigiň maksadyna laýyklykda, hödürlenýän işler döredijilikli çemeleşilen we beýan edilen bolmaly.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýänler hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisini) goşmalydyr. Eserler kompýuterde ýygylan ýa-da elektron görnüşinde bolmaly. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar.

Her bir ugradyljak eser «Bedew batly Diýarym!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna iberilmelidir.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly ― 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany.

Telefonlarymyz: 38-61-07; 38-61-05; 38-61-16; 38-61-17.

Gazetiň elektron poçtasy: watan@sanly.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok