2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarp arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen UNESCAP-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtap, durnukly ösüş, ulag-aragatnaşyk we energetika, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak, şeýle hem SPECA-nyň çägindäki bilelikdäki işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.
Duşuşykda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmekde, BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) hem-de degişli halkara forumlaryň işine işjeň gatnaşmakda ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, kagyzsyz söwdany ösdürmek, «Bir penjire» ulgamyny giňeltmek hem-de UNESCAP-yň degişli institutlary bilen amaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy UNESCAP-yň ýurduň halkara we sebit başlangyçlaryny, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de Aral deňziniň howdany bilen baglanyşykly ekologik meseleleri çözmek boýunça tagallalary goldaýandygyna hoşallyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygy sebitiň durnukly ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Gunça Serdarowa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler