“Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi

Paýtagtymyzda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we tagallalary utgaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Eýran we Russiýa ýaly ýurtlardan gelen wekiller gatnaşdylar.
Çykyşlarda ekologik durnuklylygyň üpjün edilmeginiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek Durnukly ösüş maksatlary bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Bu ýagdaý oba hojalygynda täze çemeleşmeleriň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagy möhüm hasaplaýar.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli edaralary bilen FAO-nyň arasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ýer we suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak, oba hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de Pariž ylalaşygynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça birnäçe taslamalara gol çekildi.

Gülşirin ŞAÝYMOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
Döwlet mugallymçylyk institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok