Aşgabatda SPECA ykdysady forumy öz işine başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forumyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre sebitiň dünýä ähmiýetli ulag we energetika merkezi hökmündäki strategik ornuny ýene bir gezek tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Forumda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow SPECA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, gatnaşyjy ýurtlaryň amatly geografik ýerleşişi we baý tebigy serişdeleri giň gerimli düzümleýin taslamalara maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berýär hem-de sebitde durnukly ösüş üçin ygtybarly binýat döredýär.

«Sebitimiz dünýä derejesindäki möhüm energetika we ulag-üstaşyr merkezleriniň biridir. Şonuň üçin ykdysady mümkinçilikleri yzygiderli ösdürmek durnukly ösüşiň möhüm şertidir» diýip, ministriň orunbasary nygtady.

B.Ýalakowyň bellemegine görä, Türkmenistanyň geçen ýyl SPECA-da başlyklyk etmegi maksatnama üçin aýratyn ähmiýetli döwür boldy. Bu döwürde institusional ösüşe we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly üns berildi. Statistik maglumatlar bu ugruň netijeliligini görkezýär: 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,2 milliard ABŞ dollaryndan geçip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 15 göterim artdy. Şeýle hem SPECA ýurtlarynyň ýurdumyzyň daşary söwdasyndaky paýy 11 göterime golaýlady.

Forumda Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde logistika ulgamynyň ösdürilmegindäki öňdebaryjy orny aýratyn bellenildi. Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgelerini ösdürmek esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Bu babatda Eýran–Oman–Türkmenistan–Özbegistan geçelgesi hem-de «Lapis Lazuli» taslamasynyň çäklerindäki Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi. Bu port Hazar we Gara deňizlerini birleşdirýän möhüm ulag merkezleriniň biri bolup, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Aziýa–Ýuwaş umman sebitlerine çykalgany üpjün edýär.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar tagallalary utgaşdyrmagyň, maýa goýumlaryny giňeltmegiň we innowasion çemeleşmeleri höweslendirmegiň sebit bazarlarynyň durnukly ösüşine ýardam berjekdigini nygtadylar. Türkmenistan bolsa SPECA-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we integrasiýa amallaryna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Nurana KABULOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok