«Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur» atly sergi guraldy

Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Watan, toprak mukaddesligi ýaly milli gymmatlyklarymyza ýokary sarpa goýulýar. Sebäbi Watan goragy mukaddes borçdur. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygy ygtybarly ellerde. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinasy esasynda hereket edýän Milli goşunymyz asuda Watanymyzyň ygtybarly galasydyr.

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilýär. Şu sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur» atly sergi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berýär. Sergi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň portreti, Döwlet nyşanlary, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylyň şygary hem-de hormatly Prezidentimiziň Watan mukaddesligi baradaky pähimli sözleri bilen açylýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň many-mazmuna baý eserlerine giň orun berilýär. Serginiň çäginde Ýu. D. Nowikowyň «Türkmen bedew atlary. Pellehananyň öň ýanynda» hem-de «Türkmen atlary» atly linograwýura usulynda ýerine ýetirilen grafika eserleri görkezilýär.

Serginiň merkezi böleginde Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Mälikguly Berdimuhamedowyň keşbi şekillendirilen haly panno ýerleşdirilipdir. Türkmen halkynyň taryhy Watanymyzyň edermen ogullarynyň watançylyk göreldelerine baýdyr. Şolaryň biri Berdimuhamet Annaýew bolup, ol ilkinjileriň hatarynda fronta gidip, agyr ýaralanandygyna garamazdan, uruşdan soň hem mugallymçylyk ýoluny dowam etdirip, ýaş nesli terbiýelemekde uly hyzmatlar etdi. Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzüm bölümlerinde zähmet çekip, soňra köp ýyllap bilim ulgamynda ýaşlara bilim berdi. Olaryň durmuş ýoly häzirki nesil üçin watançylygyň we borja wepalylygyň nusgasy bolup durýar.

Hazar deňzi dostlugyň we parahatçylygyň nyşanydyr. Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Sergide görkezilýän asuda Hazar kenarynyň şekillendirilen haly pannosy myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Onda parahatçylygyň nyşany bolan «Arkadag» gämisi hem-de erkana uçýan guşlar beýan edilýär.

Sergide Milli goşunymyzyň döredilişi barada maglumatlar, ýurdumyzyň ösüşlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän gymmatly zergärçilik eserleri, altyn-kümüş bilen bezelen häzirki zaman sowuk ýaraglar hem görkezilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, syýasy we harby durmuşyny, şeýle hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän fotosuratlar serginiň täsirini has-da artdyrýar.

Selbiniýaz Begnazarowa,

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidenti
bölüminiň kiçi ylmy işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok