2025-nji ýylda Hytaý Türkmenistandan umumy bahasy 8,41 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan tebigy gaz import etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň A, B we C şahamçalary arkaly ýylda ortaça 40 milliard kub metr türkmen tebigy gazy Hytaýa iberilýär. D şahamçasynyň doly işe girizilmegi bilen eksport möçberini ýylda 65 milliard kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa gaz üpjünçiliginiň durnuklylygyny has-da pugtalandyrar.
Şu ýylyň başynda Hytaýyň CNPC kompaniýasy dünýäde iň iri hasaplanýan «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişdi. Bu tapgyryň taslama kuwwaty ýylda 10 milliard kub metr tebigy gaz öndürmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 9 milliard 164 million ABŞ dollaryndan geçdi.
Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.
Didarmuhammet MELEJÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler