Dokma eksporty boýunça ylalaşyklar gazanyldy

Türkmenistan 2026-njy ýylyň 13–16-njy ýanwary aralygynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen “Heimtextil-2026” halkara sergisiniň dowamynda dokma önümleriniň eksporty boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, degişli resminamalar Dokma senagaty ministri Nurmuhammet Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň daşary ýurt kompaniýalarynyň, işewür toparlaryň wekilleri we alyjylar bilen geçiren duşuşyklarynyň netijesinde kabul edildi.

Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýerli öndürijileriň tebigy pagtadan taýýarlanan dokma önümleriniň giň toplumy görkezilip, türkmen dokma pudagynyň ýokary hili, häzirki zaman dizaýny we ösüş mümkinçilikleri aýdyň beýan edildi.

“Heimtextil” sergisi öý, myhmanhana, ofis we täjirçilik desgalary üçin dokma çözgütlerini hödürleýän öndürijiler we alyjylar üçin möhüm halkara meýdança bolup durýar. 2026-njy ýylda bu sergä 65-den gowrak ýurtdan 3 müňden gowrak kompaniýa gatnaşdy.

Didarmuhammet Melejäýew,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok