2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) «Oba hojalyk ekinlerine uzak aralykdan gözegçilik etmegiň tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmaklyga ýardam bermek» atly taslamasynyň çäklerinde, guramanyň wekilleriniň professor-mugallymlar we talyp ýaşlar bilen duşuşygy hem-de okuw maslahaty geçirildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dünýä döwletleri, şol sanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary FAO-nyň hem-de beýleki halkara düzümleriň dürli ugurlardaky taslamalaryna we maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar.
Duşuşygyň çäklerinde ýer ýüzüni uzak aralykdan zondirlemek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Onda bu ugurda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, olaryň mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Nygtalyşy ýaly, uzak aralykdan zondirlemek ýer üsti barada gyssagly we toplumlaýyn maglumatlary almaga mümkinçilik berip, tebigy serişdeleri netijeli dolandyrmakda, oba hojalygynda gözegçiligi güýçlendirmekde, maglumatlary tiz seljermekde möhüm ähmiýete eýedir.
Soňra Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleriniň, IT we uzak aralykdan zondirlemek boýunça daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda bu tehnologiýalary ýokary bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýer gurluşygy we kadastrlar hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar «Geodeziýa», «Ýer gurluşygynyň taryhy», «Oba hojalyk kartalaryny düzmek», «Ýer hukugy», «Ýerden peýdalanyşyna döwlet gözegçiligi», «Ýer gurluşygynda geodeziýa işleri», «Ýer gurluşyk taslamasy», «Ýer kadastry», «Ýer kadastr maglumatlaryny oba hojalygynda peýdalanmak», «Ýer gurluşyk işlerini guramak we meýilnamalaşdyrmak», «Ýer baýlyklaryny ulanmakda çaklamak we meýilleşdirmek», «Ýer gurluşyk çyzuwy», şeýle-de bu ugurda ylmy barlaglaryň esaslary boýunça bilim-düşünjeleri özleşdirýärler. Bellenilişi ýaly, bu hünäriň ýörite hünär dersler toplumynda uzak aralykdan zondirlemek boýunça bilimler talyp ýaşlara öwredilip, durmuşa geçiriljek taslamalar ony has-da çuňlaşdyrmaga ýardam eder.
Umuman, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň ýurdumyza iş saparynyň netijeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygyny görkezýär.
Sülgün REJEPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler