Türkiýe Respublikasy 2026-njy ýyldan başlap Türkmenistandan tebigy gazyň importyny täzeden ýola goýmagy hem-de geljekde onuň möçberlerini artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar “TRT Haber” teleýaýlymyna beren çykyşynda aýtdy. “Interfax” agentliginiň habaryna görä, bu başlangyç energiýa hyzmatdaşlygy üçin möhüm ädim bolar.
Ministriň sözlerine görä, 2026-njy ýyl türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmeginiň täzeden başlanmagy we üpjünçiligiň giňeldilmegi nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şeýle-de, Alžir bilen baglaşylan gaz şertnamasynyň möhletini uzaltmak boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny, şol bir wagtyň özünde bolsa gaz üpjünçiliginiň täze alternatiw çeşmeleriniň hem öwrenilýändigini belledi.
Mundan ozal, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda BOTAŞ döwlet nebit-gaz kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahit Fidan Türkiýäniň türkmen tebigy gazyny uzak möhletleýin we uly möçberde satyn almaga taýýardygyny mälim edipdi.
Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.
Atajan ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler