2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli TDP-niň welaýat komiteti bilen «Maru — şahu jahan» gazetiniň redaksiýasy döredijilik bilen meşgullanýan raýatlaryň arasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, 2026-njy — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygyny hem-de TDP-niň döredilmeginiň 35 ýyllygyny dabaralandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ajaýyp döwrümizde ata Watanymyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri, beýik işleri, türkmen bitaraplygynyň syýasy, ykdysady, taryhy ähmiýetini, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, sungatynyň ösüşini, milli mirasymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, türkmen sportunyň abraýyny arşa götermek barada amala aşyrylýan işleri joşgunly wasp etmekden;
– okyjylar köpçüligini, döredijilik işgärlerini mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, mähriban Watanymyzy, buýsançly geçmişimizi, şanly şu günümizi, eşretli ertirimizi, hormatly Prezidentimiziň taryhy başlangyçlaryny, durmuşa geçirýän beýik işlerini, ýaş nesillerimiziň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyndaky ornunyň has-da ýokarlandyrylmagy, olaryň halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegi, jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň, şahsy başlangyçlarynyň goldanylmagy we höweslendirilmegi barada alnyp barylýan işleri wasp edýän eserleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri
1. Bäsleşige gatnaşyjylar dürli ugurlar boýunça ýazan çeper we publisistik işlerini (publisistika, çeper döredijilik we goşgular toplumyny) bäsleşige hödürläp bilerler.
2. Bäsleşige gatnaşyjylar döreden eserlerini «Ýörite bäsleşige» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri hakyndaky maglumatlary (ady, familiýasy, okaýan, işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysy, iş, öý ýa-da el telefony) goşmalydyrlar.
3. Bäsleşige hödürlenen makalalar, oçerkler, hekaýalar, goşgular toplumy ýörite düzülen eminler topary tarapyndan gözden geçirilip, ýeňijiler TDP-niň welaýat komitetiniň we «Maru — şahu jahan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisinde tassyklanylar.
4. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň dekabr aýynda jemleniler. Bäsleşigiň ýeňijileri TDP-niň welaýat komitetiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de «Maru — şahu jahan» gazetiniň Hormat hatlary bilen sylaglanylar.
Bäsleşikde şu aşakdaky baýrakly orunlar bellenilýär.
Publisistika (makalalar, oçerkler we beýlekiler) boýunça
3 sany baýrak.
Çeper döredijilik (hekaýalar, rowaýatlar, tymsallar we beýlekiler) boýunça
3 sany baýrak.
Goşgular toplumy boýunça
3 sany baýrak.
Şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşanlaryň 6-syna TDP-niň welaýat komitetiniň höweslendiriji baýraklary gowşurylar.
Guramaçylyk topary.
Teswirler