Halkara Žautykow olimpiadasynda türkmen okuwçylarynyň gazanan üstünlikleri

Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebinde XXII Halkara Žautykow olimpiadasynda ýeňiş gazanan ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu abraýly halkara bäsleşikde türkmen okuwçylarynyň 1 altyn, 4 kümüş we 11 bürünç medal gazanmagy Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil barada alyp barýan yzygiderli aladalarynyň, bilimli, intellektual taýdan ösen, ruhubelent hem-de watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky döwlet syýasatynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylan ilkinji anyk netijeleridir.

Halkara Žautykow olimpiadasy 2005-nji ýyldan bäri Gazagystan Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkezi tarapyndan geçirilip gelinýär. Bu halkara bäsleşik her ýyl fizika, matematika we informatika dersleri boýunça guralyp, onuň esasy maksady okuwçylaryň bu ylymlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, dürli ýurtlaryň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de tejribe alyşmagy ösdürmekden ybaratdyr. Türkmen mekdep okuwçylary bu olimpiada 2010-njy ýyldan bäri yzygiderli gatnaşýarlar we olaryň gazanýan netijeleri ýyl-ýyldan artýar.

2026-njy ýylyň 10-14-nji ýanwary aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkeziniň guramagynda matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XXII Halkara Žautykow olimpiadasy Almaty şäherinde geçirildi. Halkara olimpiadasyna ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan 28 okuwçy gatnaşyp, jemi 16 döwletden 600-den gowrak okuwçylar bäsleşdiler. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary bu halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

Oguljeren ÝAZMYRADOWA,
 
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok