«Ahal durmuşy» welaýat gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi bilen «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan «Bedew batly ösüşli Garaşsyz Watanyň bagtyýar ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň maksady

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyly, şeýle-de şanly ýylda giňden bellenip geçiriljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyny giňden dabaralandyrmak, berkarar Watanymyzyň beýik ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan ajaýyp işleri, döwletimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatynyň üstünliklere beslenişini makalalaryň we çeper eserleriň üsti bilen açyp görkezmek boýunça döredijilik başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Bäsleşige dürli kärlerde zähmet çekýän, 37 ýaşdan uly bolmadyk ildeşlerimiz, şol sanda talyp we okuwçy ýaşlar gatnaşyp biler.

Bäsleşigiň şertleri

Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän eserler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, Watanymyzyň dürli ugurlaryny gurşap alan ösüş-özgertmeler, ýaşlar hakda edilýän aladalar, ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine goşýan saldamly goşandy we okuwda, jemgyýetçilik işlerinde gazanýan üstünlikleri baý many-mazmuny bilen giňden açylyp görkezmelidir. Bäsleşige hödürlenen eserleriň many-mazmuny berkarar Watanymyza çuňňur söýgi döretmekden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň, ýaşlar syýasatynyň ähmiýetini giňden beýan etmekden, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halky üçin ähmiýetini şöhlelendirmekden ybarat bolmalydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň elektron salgysyna (ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm) «Bedew batly ösüşli Garaşsyz Watanyň bagtyýar ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen ibermelidir.

Bäsleşigiň jemini jemlemek

Bäsleşige hödürlenilen makalalaryň we çeper eserleriň mazmuny ýörite düzülen eminler topary tarapyndan seljerilip, olaryň iň gowulary «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda jemlener. Onuň netijesinde iň gowy makalalar we çeper eserler aýratynlykda kesgitlener hem-de her ugur boýunça baýrakly ýagny, baş baýrak, birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar.

Bäsleşigiň guramaçylyk topary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok