Döwrebap bilim ulgamynda pedagogik okuw usullarynyň ähmiýeti

Häzirki döwürde bilim ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri okuwçylara diňe maglumat bermek däl-de, eýsem olary özbaşdak pikirlenýän, döredijilikli we jemgyýetde işjeň orun eýeleýän şahsyýetler hökmünde kemala getirmekden ybaratdyr. Bu maksada ýetmekde pedagogik okuw usullarynyň dogry saýlanmagy we netijeli ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Döwrebap pedagogika bilim beriş işine täze çemeleşmeleri ornaşdyrmagy talap edýär.

Toparlaýyn iş, pikir alyşma, mesele çözmäge gönükdirilen sapaklar okuwçylaryň işjeňligini ýokarlandyrýar, olaryň derslere bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Şeýle usullar okuwçylaryň diňe bir bilim derejesini däl, eýsem aragatnaşyk, hyzmatdaşlyk we jogapkärçilik endiklerini hem ösdürýär.

Pedagogik okuw usullarynyň kämilleşdirilmegi mugallymyň hem roluny täze derejä çykarýar. Mugallym indi diňe maglumat beriji däl, eýsem ýol görkeziji, maslahatçy we höweslendiriji hökmünde çykyş edýär. Bu ýagdaý okuw prosesiniň netijeliligini artdyrmaga, bilim bilen durmuş tejribesiniň arasyndaky baglanyşygy berkitmäge mümkinçilik berýär.

Netijede, döwrebap pedagogik okuw usullary bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Olar jemgyýetiň ösüşine laýyklykda bilim ulgamynyň üýtgemegine, ýaş nesliň döwrebap pikirli we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine hyzmat edýär. Şeýlelikde, pedagogik usullaryň täzelenmegi bilimiň geljegini kesgitleýän esasy ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär.

Hümmet BÄŞIMOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok