Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan çagalar futbol festiwaly geçirildi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde ýerleşýän Sport mekdebiniň meýdançasynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi. Onlarça ýaş türgeni bir ýere jemlän bu sport çäresi Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan Sport mekdebiniň ýolbaşçylygy bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Festiwalyň maksatnamasy örän gyzykly we işjeň boldy: ýaş futbolçylar netijeli türgenleşige we oýun sapaklaryna gatnaşdylar. Tälimçiler topa erk etmek, duýgurlyk, hereketleriň utgaşyklygy we toparlaýyn işlemek ukyplaryny ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Çäräniň görnüşi çagalara diňe bir öz ukyplaryny görkezmäge däl, eýsem hünärmenlerden gymmatly maslahatlary almaga-da mümkinçilik berdi.

Baýramçylygyň ahyrynda dabaraly sylaglama çäresi geçirildi. Festiwalyň her bir gatnaşyjysyna Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan futbol topy sowgat berildi.

Şeýle sport festiwallary häzirki wagtda oňyn däbe öwrülip, mundan öň paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen sport mekdeplerinde, Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginde, «Olimp» sport mekdebinde hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» köpugurly sport toplumynda üstünlikli geçirilipdi.

Guramaçylar şeýle çäreleriň köpçülikleýin sporty wagyz etmekde esasy orun eýeleýändigini we geljekde milli ýygyndy toparlaryň hataryny dolduryp biljek zehinli oýunçylary irki döwürde ýüze çykarmaga kömek edýändigini belleýärler.

Myrat YLÝASOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok