2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Ýerewan şäherinde Türkmenistan bilen Ermenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we dürli ugurlarda — dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, dermançylyk, ulag-logistika, zergärçilik hem-de syýahatçylyk pudaklarynda işleýän işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berildi.
Duşuşykda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wise-prezidenti N. Karamanukýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy B. Arazow hem-de Ermenistan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Edgar Zakarýan çykyş edip, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem iki döwletde işewürlik alyp barmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin döredilýän amatly şertler barada maglumat berdiler.
Soňra gatnaşyjylara Türkmenistanda we Ermenistanda işewürligi ösdürmegiň hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş dabaralary hödürlendi.
Duşuşygyň çäginde türkmen we ermeni kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Annamuhammet BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler