Lebap welaýatynda täze gaz guýusy işe girizildi

Lebap welaýatynda ýerleşýän Böwrideşik gaz käniniň golaýyndaky Hazarly meýdançasynda täze gaz guýusy üstünlikli işe girizildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron neşiriniň habar bermegine görä, täze guýudan senagat taýdan möhüm möçberde tebigy gaz akymy alyndy.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan “Hazarly–3” guýusy gije-gündizde 120 müň kub metre çenli tebigy gaz çykarmaga ukyply bolup, Hazarly meýdançasynda senagat taýdan gaz ätiýaçlyklarynyň ilkinji gezek tassyk edilmegine mümkinçilik berdi.

“Lebapgazçykaryş” müdirligi boýunça ýylyň ilkinji on bir aýynda gaz çykaryş meýilnamasy 101 göterimden ýokary derejede ýerine ýetirildi. Bu döwürde meýilleşdirilen 9,3 milliard kub metr gazdan 8,5 milliard kub metrden gowragy çykaryldy.

Şeýle hem, hasabat döwründe meýilleşdirilen 3,37 milliard kub metr gaz eksportynyň ýerine, daşary ýurtlara 4 milliard 750 million kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Gaz kondensatynyň öndürilmegi hem meýilnamadan artyk boldy.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda “Hazarly–2” atly başga bir täze gaz guýusy hem ulanmaga berildi.

Kakamyrat SÄHETDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok