Aşgabatda geçiriljek halkara futbol duşuşygyna taýýarlyk görülýär

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) çäginde geçirilýän AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherindäki «Olimpiýa» stadionynda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nasr» futbol toparynyň arasynda halkara derejeli futbol duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk ýurdumyzyň sport durmuşynda möhüm wakalaryň biridir.

Duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar, resmi wekiliýetler, eminler, türgenler we tomaşaçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan 500 sany meýletinçi saýlanylyp alyndy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär. .

Şeýle-de duşuşyga gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlar we futbol toparlary bilen netijeli aragatnaşygy üpjün etmek maksady bilen daşary ýurt dillerini kämil bilýän 15 sany meýletinçiden ybarat ýörite topar döredildi. Mundan başga-da, media hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin sport žurnalistikasy hünäriniň 15 sany talybyndan ybarat meýletinçi media topary döredildi. Umumy meýletinçilik işlerine ýokary okuw mekdebiniň 50 sany mugallymy jogapkär edilip bellenildi.

Meýletinçileri taýýarlamak boýunça okuw sapaklary 2026-njy ýylyň 13–22-nji ýanwary aralygynda geçiriler. Okuwlaryň dowamynda meýletinçileriň sport ýaryşlarynda orny, etiketi, tomaşaçylar bilen netijeli aragatnaşyk, hyzmat medeniýeti, howpsuzlyk düzgünleri, adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek hem-de halkara sport protokoly boýunça giňişleýin maglumatlar öwrediler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde AFK-2 Çempionlar ligasynyň duşuşygyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işleri dowam etdirilýär.

Myrat YLÝASOW,
 
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok