2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteti hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilelikde «Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda ýylyň şygaryny hem-de şu ýylda dabara bilen belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň ähmiýetini açyp görkezmek, berkarar Watanymyzyň ösüşlerini wasp etmek, adamlary döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar.
Bäsleşigiň şertleri
«Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym!» atly döredijilik bäsleşigi türkmen halkynyň asyrlardan dowam edip gelýän parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhyny dürli makalalaryň, çeper eserlerdir goşgularyň üsti bilen açyp görkezmek ugurlary boýunça geçirilip, oňa ildeşlerimiziň her biri gatnaşyp biler.
Bäsleşige gatnaşyjylar ýazýan makalalarynda hem-de çeper eserlerinde berkarar Watanymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgeleriniň, bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini, milli gymmatlygymyz ahalteke bedewlerine buýsanjyny aýdyňlyk bilen açyp görkezmelidir. Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň elektron salgysyna (ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm) «Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym!» atly döredijilik bäsleşigine diýen ýazgy bilen ibermelidir.
Bäsleşigiň jemini jemlemek
Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan eminler topary düzülýär.
Ýeňijiler 2026-njy ýylyň 15-nji dekabrynda tassyklanan eminler topary bilen ylalaşylyp kesgitleniler hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hormat hatlary we sowgatlary bilen sylaglanar.
Bäsleşigiň guramaçylyk topary.
Teswirler