Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabyndaky Hab-Port senagat seýilgähinde dekabr aýynda geçirilen Hytaýyň motokros boýunça halkara çempionaty (CMX) dünýä motosportynda möhüm waka bolup, gatnaşyjylar üçin uly synag boldy. Türkmenistana bu abraýly ýaryşda «Kämil» awtosport topary wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Türkmen türgenleriniň bu ýaryşa gatnaşmagy ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw netijesinde mümkin boldy. Halkara ýaryşlara gatnaşmak ýerli türgenlere hünär tejribesini artdyrmaga we Türkmenistanyň dünýä sport jemgyýetçiligindäki ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.
Sýanszin ýolunyň çylşyrymly gaty örtügi we ýokary tizlikli bölekleri türgenlerden ýokary tehniki taýýarlygy hem-de güýçli fiziki durnuklylygy talap etdi. Ýaryşa «QJMotor», «CFMoto» we «KAYO» ýaly dünýä belli brendleriň zawod toparlarynyň gatnaşmagy onuň sport we tehniki derejesini has-da ýokarlandyrdy.
Benzin ýangyçly motory bolan (250 kub sm) ugurda «Kämil» toparynyň adyndan Serdar Mollamyradow we Begenç Annaýew çykyş etdiler. Türkmen sürüjileri güýçli bäsdeşler bilen ynamly bäsleşip, milli motokros mekdebiniň ýokary taýýarlyk derejesini we bäsdeşlige ukyplylygyny görkezdiler.
Häzirkizaman motosportynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolan elektromotosiklleriň ýaryşy aýratyn ünsi çekdi. Bu ugurda toparyň abraýyny Konstantin Fedoryçew we Karen Awagýan goradylar. Bu bolsa «Kämil» toparynyň dünýä başlangyçlary bilen ugurdaş gitmäge we ýerli awto sportda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga bolan ymtylmasyny tassyklady.
Toparyň işini toparyň direktory, Türkmenistanyň sport ussady, «Dakar-2015» ralli ýaryşynyň gatnaşyjysy we «Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdiniň baýrakly orunlaryna mynasyp bolan Şamyrat Gurbanow utgaşdyrdy. Onuň aýtmagyna görä, Çunsindäki çykyş topara täze halkara ýaryşlara taýýarlyk görmekde ulanyljak gymmatly tejribe berdi.
«Kämil» awtosport toparynyň ýakyn meýilnamalarynda goňşy ýurtlaryň açyk bäsleşiklerine gatnaşmak bar. Bu işler tehniki sport görnüşlerini ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde esasy orun eýeleýän Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy bilen ýakyn aragatnaşykda alnyp barylýar.
Myrat YLÝASOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler