Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2026-njy ýylda Belarusda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahatlaryň we sergileriň giňeldilen meýilnamasyny tanyşdyrdy. Bu çäreler türkmen kompaniýalarynyň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyna we ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Teklip edilýän sergiler senagat, maşyn gurluşygy, oba hojalygy, agro-tehnologiýalar, gurluşyk we binagärlik, ulag-logistika hem-de ýokary tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.
Çäreleriň iş tertibi fewral aýyndan başlap, pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy, şeýle hem işewürler üçin B2B duşuşyklaryny we göni gepleşikleri geçirmegi göz öňünde tutýar.
Sergi we forumlaryň doly sanawy, şeýle-de olaryň guramaçylary barada giňişleýin maglumatlar Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda elýeterlidir.
Enejan JORAÝEWA,
Saýat etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.
Teswirler