Italiýanyň paýtagty Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň bürünç asyryndan başlap, Parfiýa imperiýasynyň döwrüne degişli 150-den gowrak arheologik tapyndyny öz içine alýan özboluşly sergi guraldy. Bu barada Italiýanyň “Contrappunti” neşiri habar berdi.
Sergide görkezilýän eksponatlaryň aglabasy ilkinji gezek Türkmenistanyň çäginden daşarda sergä çykarylýar. Olaryň arasynda ýarym gymmat bahaly daşlardan edilen bezeg şaýlary, mifiki keşpler bilen nagyşlanan möhürler, gadymy hökümdarlara degişli nyşanlar hem-de Nusaý–Mitradatkert şäher harabalyklaryndan tapylan pil süňkünden ýasalan şahlar bar.
“Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly bu sergi häzirki zaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrylyp, Turin Politehniki uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda döredilen 3D wideomapping arkaly myhmanlara Parfiýa patyşalygynyň taryhy ýerlerine wirtual syýahat etmek mümkinçiligi döredildi. Maglumat panelleri we wideoşekiller gadymy şäherleriň ösüş ýoluny giňden beýan edýär.
Sergi 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Rim şäherine resmi saparynyň dowamynda açylyp, 2026-njy ýylyň 12-nji apreline çenli dowam eder.
Serdar SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler