2026-njy ýylyň 20–23-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çäginde iri ykdysady forum hem-de SPECA-nyň ýokary derejeli hepdeliginiň dowamynda Dolandyryş geňeşiniň 20-nji mejlisi guralar.
BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň habar bermegine görä, bu halkara çäreler Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge, aýratyn-da söwda, ulag we energetika ugurlarynda özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.
Forum “Durnukly ösüş üçin sebitara arabaglanyşyk” atly esasy mowzuk boýunça geçirilip, onuň çäklerinde ulag-logistika ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, energetika we söwda arabaglanyşyklarynyň giňeldilmegi, şeýle hem SPECA ýurtlarynyň arasynda hukuk binýadynyň sazlaşdyrylmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek duşuşyklarda SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli ösüş Konsepsiýasynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda Transhazar ulag ugruny sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen Ýol kartasynyň durmuşa geçirilişi hem seljeriler.
SPECA 1998-nji ýylda döredilip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetine has giňden goşulmagyny we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda maksatnama Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan, Özbegistan bilen birlikde Owganystan, Azerbaýjan we Türkmenistanyň gatnaşmagynda alnyp barylýar.
Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.
Serdar SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler