Erem bagynyň jennet gülleri

Güller, baglar tebigatyň baky gözelligi. Gyzyl, sary, ýaşyl, ak, mawy, melewşe reňkleri özünde jemleýän güller diňe bir hoşboý yslary bilen däl, eýsem göze ýakymly reňkleri bilen hem bagtyýar günlere süýji arzuwlary, ruhubelentligi bagyşlaýar. Güller goja zeminiň, bagtyýar ýaşaýşymyzyň, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Bu gün eziz Watanymyz owadan bagy-bossanlygy, hoştap ysly güllere baýlygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiz diňe bir şäherlerimizi we olaryň daş-töweregini däl, eýsem adamlaryň mydama gelim-gidimli ýerlerini hem owadan güller bilen bezäp,  gür baglyga öwürmegiň zerurdygyny nygtaýar. Röwşen geljege tarap ynamly öňe barýan eziz ýurdumyzda obalarda şäherlerde bezeg üçin ulanylýan pürli agaçlary, miweli agaçlary we dürli reňkli gülleri ösdürip ýetişdirmek we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyndan ugur alnyp, welaýatlarda, şäherdir etraplarda, hususy hojalyklarda ýetişdirilýän miweli we saýaly baglaryň, bezeg agaçlarynyň, gülçüligiň meýdanlary barha giňeldilýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasadyndan rowaç alyp, barha gözelleşýän ösümlik we haýwanat dünýäsine baý türkmen tebigaty bu gün bagtyýar döwrümiziň şuglaly öwüşginlerine beslenýär.

Asyrlar boýy tebigat bilen sazlaşykly ýaşap gelen halkymyz gözel tebigatymyzyň her bir baýlygyny gözüniň göreji ýaly gorap saklamagy-da başarýar. Bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda türkmen tebigaty zamananyň bagty kimin gülleýär. Şol sanda tebigatyň aýrylmaz gözelligi bolan dürli görnüşli gülleri ýetişdirmek tejribesi hem barha kämilleşýär.

Mukaddes söýgüniň, wepadarlygyň, dostlugyň hormatynyň nyşany bolan şeýle owadan gülleri ösdürip ýetişdirmekde Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän Erem bagy hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň işjeň agzasy Kemal Hommakgaýewhem agzybir maşgalasy bilen yhlsly zähmet çekýärler. Erem bagy hojalyk jemgyýetiniň gülçülik dükanynda gülleriň kadaly ösmegi üçin  agrotehniki çäreleri dogry we düzgün geçirmekde, zyýankeşlerden, mör-möjeklerden goramakda, arassaçylyk we abadançylyk işlerini talabalaýyk geçirmekde önjeýli işleri alyp baryp, tutanýerli zähmet çekýärler. 

Tejribeli bagbanlaryň ösdürip ýetişdirýän dürli görnüşli gülleriniň gözelligini synlamaga we bu gülleri ýetişdirmekde edilýän işler bilen ýakyndan tanyş bolmana Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat, etrap şäher komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary yzygiderli gelip tejribe alyşýarlar. Zähmetsöýer bagbanlaryň gülleri ýetişdirmekde arassaçylyk we abadançylyk işlerini döwrüň talabyna laýyk alyp barmakda, toprak we howa şertlerimize laýyklykda ýetişdirilýän gülleriň, baglaryň hiliniň gowy bolmagynda alyp barýan işlerini öwrenip, degerli maslahatlaryny diňleýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmekde, obahojalyk pudagyny kämilleşdirmekde döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ussat bagbanlaryň  çekýän yhlasly zähmetleri üçin Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy has-da buýsandyryp, olary hasda joşgunly işlemeklerine ruhlandyrýar.  Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän  dürli görnüşli gülleriň her birini synlanyňda bagbanlaryň çekýän asylly zähmetleriniň ýerine düşendigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Gülleri ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplan, geljekde hem gülleriň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekligi aýdyň maksat edinýän tejribeli bagbanlaryň her biri ýurdumyzda belleniljek toý-baýramly günlerine özleriniň zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinip, häzirki wagtda has-da joşgunly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň zähmetsöýer bagbanlary şele ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan belent maksatly işlerniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlaýarlar.

Gurbanjemal ILIÝEWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Mary şäher komitetiniň esasy hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok