Türkmenistan bilen Türkiýe migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirokyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösüş mümkinçilikleri we ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň has täze mazmun bilen baýlaşyp, hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň jemlerinde taraplar migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekde-de sazlaşykly dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň üstünlikli bolmagyny arzuw etdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy migrasiýa ulgamynda döwlet syýasatyny amala aşyrýan, degişli hukuk kadalaryny durmuşa geçirýän we halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän esasy döwlet edarasy bolup durýar.

Annamuhammet BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok