Şanly ýylymyzyň batly gadamlary

Ýagtylyk ähli zady aç-açan, aýdyň edýär. Adamyň ruhy dünýäsine, kalbyna ýagty saljak şeýle bir yşyk bar. Ol ylym-bilim şuglasy. Ylym-bilim biziň kalbymyzy, ruhy dünýämizi gözelleşdirýän, nura besleýän gymmatlykdyr. Beýik ösüşleri nazarlaýan eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiz Watanmyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermek, dünýä dillerini öwretmek, ösen tehnologiýaly enjamlar arkaly bilim endiklerini ösdürmek, okatmagyň täze usullaryny özleşdirmek we öňdebaryjy mugallymçylyk tejribelerini has-da kämilleşdirmek  ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Şeýle döwletli işleriň özeninde Watanymyzyň kuwwatly güýji bolan ýaş nesiller hakyndaky taýsyz tagallalar, bimöçber aladalar bar!

2026 –njy şanly ýylymyz “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda amala aşyrylmaly belent maksatlar, taryhy tutumlar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň,  ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratynyň belende göterilmeginiň aýdyň nyşanydyr. Ýylyň şygarynda mynasyp orun alan behişdi bedewlerimiz bolsa türkmen halkynyň  göz guwanjy, buýsanjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ahalteke bedewlerimiz barada şeýle diýýär: “Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna we milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr” diýmegi türkmen bedewlerine halkymyzyň goýýan hormat-sarpasynyň ulydygyny görkezýär. Şanly wakalara beslenjek bu ýylymyzda hem ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işleri hasda kämilleşip okyjylara döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar. Ylymly-bilimli sagdyn ýaşlar döwletimiziň daýanjy, nurana geljegidir. Bu günki günde ýaş nesilleriň ylym-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly öz işlerine ussat bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edilýär, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap kitaphanalar hyzmat edýär. Häzirki wagtda baý hazynaly kitaphanalary özünde jemleýän ähli amatlyklary bolan, giň okyjylar köpçüligine gapysyny giňden açyp hyzmat edýän kitaphanalaryň biri hem Mary welaýat çagalar kitaphanasydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylaryň okamaga höweslerini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işlerden ruhlanyp Mary welaýat çagalar kitaphanasynda hem netijeli işler alnyp barylýar.  Medeni gymmatlyklarymyzy, olar hakyndaky edebiýatlary wagyz etmek, okyjylara ýetirmek, şolaryň içinden özlerine gereklisini çalt, öz wagtynda saýlap almak başarnygyny öwretmek, okamaga ýardam bermek, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda medeni köpçülikleýin çäreleri geçirmekde, kitap sergileri gurnamakda joşgunly zähmet çekýärler.

Bilim sowatlyga, akyl-paýhasa, dilewarlyga we döredijilik zähmete sarpa goýýan halkymyz “Altyn daşdan çykar, akyl başdan”, “Sowady köpüň ýoly köp”, “Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize guwanç” ýaly pähimleri döredipdir. “Amalsyz ylym miwesiz agaç ýalydyr” diýen parasatly sözde görnüşi ýaly adamy ylym öwrenmäge, dil öwrenmäge höweslendirmekden, her bir ynsanda ýokary ahlak medeniýetini kemala getirmekden ybaratdyr. Halkymyzda şeýle jümleler bar: “Ylym akyldan dem alar”,  “Okaýan il ozar, okamaýan il tozar” diýilýän jaýdar sözlerden görnüşi ýaly biziň çagalar kitaphanamyza ýaş nesiller bilen birlikde dürli ýaşdaky, dürli kärdäki okyjylar gelip özleriniň göwün söýen kitaplaryny okap, gyzyklanýan soraglaryna jogap tapýarlar.  Adamzadyň köňül nagşyna deňelýän many-mazmunly kitaplary höwes bilen okaýan okyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan, ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik we belent adamkärçilik ruhuna eýlenen ajaýyp eserlerini ürç edip okaýarlar. Pähim-paýhasa ýugrulan bu eserler bolsa türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri bolmak bilen ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň baý hazynaly kitap gorlaryndan okyjylar köpçüligi giňden peýdalanýar. Kitaphanamyza gelýän okyjylar halkymyzyň baý şöhratly geçmiş taryhyny, milli medeni mirasymyzy, beýik akyldarlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligini ýokary çeperçilikde beýan edýän kitaplar, çeper eserler bilen tanyş bolup, öz zehinlerini has-da kämilleşdirýärler. “Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys ” diýip Gahryman Arkadagymyz belläp geçýär. Ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan mekdep okuwçylarynyň, talyp-ýaşlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän, Watanymyzyň asudalygyny we bagtyýarlygyny pugtalandyryp, dünýä ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegi baş maksat edinýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Ýazsoltan JUMADURDYÝEWA,

Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň
bölüm müdiri, TDP işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok