Jemagat hojalyklaryna 566 sany ýöriteleşdirilen tehnika gelip gowuşdy

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza iberen Täze ýyl Gutlagyndan ruhlanan ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda zähmet depginini barha güýçlendirýärler. Täze, 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, olar guwandyryjy önümçilik netijelerini gazanýarlar.
Şeýle öňdebaryjy kärhanalaryň biri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetidir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhana köp ýyllaryň dowamynda durnukly işläp, içerki bazarda uly islegden peýdalanýan önüm öndüriji hökmünde tanalýar. Kärhananyň hünärmenleri ýerli uglewodorod çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly polietilen we polipropilen esasly dürli görnüşli önümleri öndürýärler.


Kärhanada giň möçberde öndürilýän plastmassa ýükasty tekjeler harytlary toplumlaýyn gaplamakda, ýüklemekde we düşürmekde giňden ulanylýar. Bu önümler ammarlarda harytlaryň talabalaýyk ýerleşdirilmegine hem-de uzak möhletleýin saklanylmagyna amatly şert döredýär. Şeýle-de, olaryň agaç tekjeler bilen deňeşdirilende has ygtybarly we çydamly bolmagy önümçilikde aýratyn ähmiýete eýedir.


«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda badalga alan 2026-njy ýylda hem kärhanada sarp edijileriň artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen önümçilik möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Kärhananyň zähmet topary önümçilik kuwwatyndan ugur alyp, ýylda meýilleşdirilen 240 müň plastmassa tekjesiniň sanyny has-da artdyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň özi, türkmenbaşyly telekeçilere ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy almaga mümkinçilik berer.

Dawut DÖWLETGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok