Bilim ulgamynda öňdebaryjy işgärler sylaglanyldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, şeýle hem pedagogik işgärleriň döredijilikli we yhlasly zähmetini bellemek maksady bilen dabaraly sylaglama çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmelerini ilerletmekde, Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri we taglymatlary esasynda ylymly, bilimli, watansöýüji nesilleri terbiýelemekde uly hyzmat bitirýän ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Hormat haty» we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Bilşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeler dowamly amala aşyrylýar, ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde mynasyp ornuny eýeläp, sazlaşykly ösýär. Halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolýan mekdep okuwçylarymyz hem-de talyp ýaşlarymyz döwletimiziň bilim edaralarynda berilýän bilimiň ýokary hilini, bäsleşige ukyplylygyny, netijeliligini öz gazanýan ýeňişleri bilen yzygiderli subut edýärler.

Dabaranyň dowamynda bilim ulgamynda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän her bir sepgitde eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri döwrebap bilimli, milli buýsançly, watansöýüji, zähmetsöýer nesiller edip kemala getirmekde ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň pedagogik işgärleriniň döredijilikli zähmetiniň aýratyn möhüm orny barada aýdylyp geçildi. 

Sylaglanan öňdebaryjy bilim işgärleri öz gezeginde bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, geljekde hem ýaş nesle ýokary hilli bilim-terbiýe bermek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza döredilýän giň mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Oguljeren ÝAZMYRADOWA,
 
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok