Ahalteke atlarynyň edermenligi dünýäni haýran galdyrýar

Ahalteke atlary diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem edermenligi, çydamlylygy we ýokary derejeli taýýarlygy bilen hem dünýäni haýran galdyrýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde geçirilen dabaraly çäreleri ýatlamak bolar. Bu çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşi mynasybetli guraldy.

Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň orny aýratyn uludyr. Bu topar 2007-nji ýylda döredilip, şondan bäri dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, halkara abraý gazandy. Toparyň Russiýada, Italiýada, Hytaýda, Gyrgyzystanda we beýleki döwletlerde geçirilen abraýly festiwallarda baş baýraklara mynasyp bolmagy Ahalteke atlarynyň diňe bir fiziki mümkinçiliklerini däl, eýsem türkmen çapyksuwarlarynyň ýokary ussatlygyny hem açyp görkezdi.

Ahalteke atlarynyň edermenligi bilen çapyksuwarlaryň sazlaşygy bu diňe bir sirk sungaty däl, eýsem halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren ruhy-medeni mirasynyň janly beýanydyr. Şeýle üstünlikler türkmen bedewleriniň dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýändigini we geljekde-de bu şöhratly ýoluny dowam etdirjekdigini aýdyň tassyklaýar.

Şemşat NURYÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekçiler
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok