Watan goragçylarynyň güni mynasybetli woleýbol ýaryşy geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan wolleýbol boýunça açyk birinjilige badalga berildi. Bu giň gerimli sport çäresine ýurduň öňdebaryjy on topary, şol sanda «Milli goşun», «Serhetçi», «Migrasiýa», «Galkynyş» we beýleki toparlar gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Ýaryşyň açylyş dabarasy sport görnüşleri kafedrasynyň talyplarynyň we «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň görkezme çykyşlary bilen başlandy. Resmi çäreler tamamlanandan soň, sport meýdançasynda gyzykly bäsleşikler dowam etdi.

Açylyş duşuşygynda «Talyp sport» topary bilen «Serhetçi» topary güýç synanyşdylar. Duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap ýokary taýýarlyk we toparlaýyn agzybirlik görkezen ýokary okuw mekdebiniň talyplary oýny öz gözegçiliginde saklap, 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandylar.

Guramaçylar türgenleriň şahsy üstünliklerine aýratyn üns berdiler. Ilkinji oýnuň iň oňat oýunçysy hökmünde «Talyp sport» toparynyň hüjümçisi Atajan Ýazberdiýew ykrar edildi. Onuň dürli usullary ulanmagy we hüjümdäki netijeliligi toparyna möhüm utuklary getirdi.

Tapawutlanan wolleýbolçylary sylaglamak tejribesi birinjiligiň gowy däbine öwrüler: guramaçylar tarapyndan berilýän ýörite baýraklar her oýundan soň iň netijeli oýunçylara gowşurylar.

Tälimçiler ýurtda wolleýbolyň meşhurlygynyň çalt artýandygyny, ýaş oýunçylaryň ussatlygynyň bolsa hünär derejesine ýetýändigini belleýärler.

Hünärmen taýýarlygynyň ulgamlaýyn alnyp barylmagy we ýokary tehnologiýaly türgenleşik meýdançalarynyň bolmagy türkmen türgenlerine diňe bir içerki ýaryşlarda üstünlikli bäsleşmäge däl, eýsem Watany halkara meýdançalarda hem mynasyp wekilçilik etmäge taýýarlanmaga mümkinçilik berýär. Ýaryş dowam edýär we tomaşaçylara ýene-de köp sanly täsirli duşuşyklary wada berýär.

Kuwwat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok