Türkmen bedewleriniň taryhy halkymyzyň öz taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ajaýyp atlar gözbaşyny irki asyrlardan, hatda orta asyrlardan hem öňki döwürlerden alyp gaýdýar. Gadymy ýazuw çeşmelerinde, syýahatçylaryň belliklerinde hem-de taryhy rowaýatlarda türkmen atlarynyň çydamlylygy, çaltlygy we gözelligi aýratyn nygtalypdyr. Bedew at diňe bir ulag ýa-da hojalyk serişdesi bolman, eýsem türkmen halkynyň durmuşynyň, edermenliginiň we erkinlik söýgüsiniň nyşany bolupdyr.
Asyrlaryň dowamynda türkmen halky bedew atlara diňe bir seredip saklamak bilen çäklenmän, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamaga-da aýratyn ähmiýet beripdir. Şonuň netijesinde taryhda arassa ganly Ahalteke bedewleri dünýä ýüzünde tanalypdyr. Bu ugurda ady galan meşhur bedewleriň arasynda Absent, Ýanardag, Meleguş ýaly atlaryň atlaryny agzamak bolar. Olar öz döwründe diňe bir gözellik däl, eýsem ýokary fiziki mümkinçilikleriň, akyl-paýhasyň nusgasy hökmünde taryha giripdir.
Türkmen halkynyň bedewlere bolan aýratyn söýgüsi häzirki döwürde-de aýdyň duýulýar. Munuň nyşany hökmünde 2026-njy ýylyň şygarynyň hem atçylyk, bedewlere bolan hormat-söýgi bilen baglanyşykly mazmuny öz içine almagy tötänden däldir. Bu ýagdaý türkmen bedewiniň diňe geçmişiň mirasy däl-de, eýsem geljege gönükdirilen milli gymmatlykdygyny görkezýär. Bedew ata bolan bu belent garaýyş halkymyzyň milli özboluşlylygyny, taryha bolan wepalylygyny we ruhy baýlygyny aýdyň açyp görkezýär.
Enejan GARAÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekçiler
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler