Berkarar Watanymyzyň dürli pudaklarynda maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýakynda welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäher häkimlikleriniň jemagat hojalygy birleşiklerine döwrebap awtoulaglaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň uly toplumynyň gelip gowuşmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Şeýle kämil tehnikalar Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine hem berildi. Birleşige jemi 148 sany tehnikanyň gelip gowşandygy bellenilmelidir. Olaryň 79 -sy dürli görnüşli awtoulaglar, 7 -si ýöriteleşdirilen tehnikalar, 62 -si bolsa dürli maksatly enjamlardyr. Täze awtoulaglaryň hatarynda zeý suwuny sorujy 15 sany, ýokary basyşly lagym ulgamlaryny arassalaýjy 2 sany, süpüriji-ýuwujy 2 sany, zir-zibil ýygnamak üçin niýetlenen 30 sany awtoulag, 3 sany gidrogaldyryjy, 24 orunlyk 10 sany awtobus hem-de 25 tonna ýük göterijilikli awtokran bar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Şeýle-de, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň arasynda 3 sany ýükleýji ekskawator, 3 sany öňtaraplaýyn uly ýükleýji we 1 sany tekerli ekskawator ýerleşýär. Täze tehnikalaryň düzüminde bag göçürmeklige niýetlenen ýörite enjamlaryň hem bolmagy aýratyn bellärliklidir. Olar milli däplere laýyklykda, un sepilip, alaja dakylyp dabaraly ýagdaýda garşy alyndy.
Jemagat hojalygy birleşigine berlen bu tehnikalar dolandyrylyşynda we iş usullarynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýerine ýetirilýän işleri gysga wagtda we ýokary hilli amala aşyrmaga, ilat üçin has amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer. Lebap welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň agzybir işgärleri özlerine döredilen şeýle mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
Dawut DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby.
Teswirler