Many mülkünde haýýata dönüp, şirin şygyrlaryndan owadan hünji düzüp, adamzadyň ruhy dünýäsine taýsyz gözelligi peşgeş eden türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi tutuş adamzat üçin gymmatlydyr. Akyldar şahyryň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek, giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy şahyra goýulan beýik sarpanyň nyşanydyr. Çünki, şol ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi halkara derejede bellenildi, bu ýylda akyldar şahyrymyzyň ömri-döredijiligi bilen baglanşykly edilen işleriň sany bimöçberdir. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bir hatarda şahsyýeti hem ähli döwürler üçin gymmatyny gaçyrmaýar.
2025-nji ýylynyň bosagasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileýi boýunça edilen işleriň jemlerine bagyşlap, «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserini türkmen halkyna sowgat etdi. Kitabyň sahypalarynyň başyndan tä soňuna çenli şahyryň diňe bir türkmen halkynyň durmuşynda däl, eýsem dünýä edebiýatynyň ägirtleri bilen bir hatarda eýeleýän orny barada giňişleýin maglumatlar getirilýär. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluna bagyşlanyp düşürlen filmler hakyndaky maglumatlar ähli okyjylar üçin gyzykly maglumatlaryň biri boldy. Şahyryň şahsyýetini ebedileşdirmekde şahsyýete bagyşlanyp düşürlen kinofilmleriň orny ulydyr. Şahsyýeti ebedileşdirmegiň iň netijeli usullarynyň biri hem ony sungata siňdirmekdir, has dogrusy çeper eserlerde, dramaturgiýada, kinofilmlerde gahrymanyň ruhy we fiziki keşbini dikeltmäge çemeleşmekdir.
Arkadagly Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» eserinde Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň çeper filmlerde ebedileşdirilişi barada gymmatly maglumatlar bar: « Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Magtymguly Pyraga bagyşlanan birnäçe çeper we dokumental filmler hem surata düşürildi …»
Hakykatdan hem, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligine bagyşlanyp çeper hem-de dokumental filmler dürli ýyllarda düşürmeklik boýunça birnäçe işler ýerine ýetirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijiligine degişli täze röwüşli düşürilen kinofilmler türkmen kinomatografiýasynyň altyn hazynasyny doldurdy. Türkmen halkymyz üçin bolsa, bu şanly ýyl üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna sowgat höküminde düşürlen «Istärin» atly gysga metražly çeper filmi halk köpçüliginiň söýgüsine mynasyp boldy. Bu filmde şahyryň ömür ýoluna bagyşlanan öňki kinofilmlerden tapawutlylykda, XX asyryň başlaryndaky durmuş, ilkinji mekdepler we olarda Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi boýunça ders beriliş ýagdaýy suratlandyrylýar. Ýörite effektleriň kömegi bilen mekdep mugallymy we okuwçylary wagta syýahata ugraýarlar. Syýahatlarynyň dowamynda akyldar şahyryň dünýä inen wagtyndaky täsin wakalary, çagalygy, ýetginjekligi, ýaşlygy, gartaşanlygy bilen baglanşykly wakalaryň içine aralaşýarlar. Diňe bir döwrüň däl, eýsem Magtymguly Pyragynyň ruhy halypalary hasaplanýan Gündogaryň alymlary, şahyrlary Jelaleddin Rumy, Omar Haýýam, Ferdöwsi ýaly taryhy şahsyýetler bilen ruhy gatnaşyklarynyň hem şaýady bolýarlar. Filmdäki şeýle epizodlar bolsa, şahyrlaryň döredijiliklerindäki käbir umumylyklary we täsirlenmeleri düşündirmäge ýardam eder. Bu çeper filmiň esasy aýratynlygy mugallymyň şahyrymyzyň ömri we döredijiligini ýaş nesillere gürrüň bermegi bilen, olary Magtymguly Pyragynyň döwrüne, ýagny geçmişe alyp gitmegidir. Bu ýerde bolsa wagt filosofiýasynyň çeper ulanylmagy başarylypdyr.
Şeýle hem, bu film diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Türkiýede, Ruminýada, Özbegistanda, Koreýa Respublikasynda, başga-da birnäçe döwletlerde görkezilip, abraýly baýraklaryň eýesi boldy.
Ýeri gelende bellesek, bu filmde Magtymguly Pyragynyň ýaşlykdaky keşbini janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymy (şol wagtky talyby) Mekan Kurdowyň bu filmiň öz durmuşyna eden täsiri hakynda: «Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkymyza peşgeş beren “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň durmuş pelsepesinden söz açýan birnäçe filmler barada agzalyp geçilýär, şolaryň içinde hem meniň düşen “Istärin” atly kinofilminiň agzalmagy buýsançly başymy göge ýetirdi. Bu kinofilm meniň ykbalymyň maňa beren uly sowgadydyr, sebäbi, şol günden soň, durmuşymyň ähli günlerinde Magtymguly atamyň ruhy goldawuny duýup başladym. Şol kinodaky keşbim bilen 2024-nji ýylda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» bäsleşiginiň baş baýragynyň eýesi boldum” diýip, buýsanç bilen gürrüň berýär.
Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» eserinde: «Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda surata düşürilen «Äleme belgilidir» filminiň döredijilik toparynyň «Iň gowy dokumental film» ugry boýunça 1-nji orna mynasyp bolmagy, Özbegistan respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň kinematograflarynyň bilelikde surata düşüren «Magtymguly Pyragy» atly filminiň döredijilik toparynyň hem «Iň gowy çeper film» baýragy bilen sylaglanmagy bu ugurda edilen tagallalaryň öz miwelerini berýändigini görkezdi» diýip, beýik akyldar şahyrymyz hakynda düşürlen filmler hakynda söz açýar.
2024-nji ýylda türkmen we özbek kinomatografiýaçylarynyň «Magtymguly Pyragy» atly bilelikde düşüren filmi iň garaşylýan filmleriň hatarynda boldy. Adyndan belli bolşy ýaly, bu film nusgawy şahyr, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbini tutujy hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň durmuş ýoly we ykbaly barada gürrüň berilýär. Kinofilm Özbegistanda, ýagny beýik şahyryň öz ýaşlygyny geçiren ýeri Buharanyň we Hywanyň taryhy binagärlik desgalarynyň arasynda düşürilýär, mundan başga-da Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri bilelikde iş alyp barýarlar. Filmiň esasyny ýazanlaryň biri Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine wekilçilik edýän Öre Daşgynowyň aýtmagyna görä, bu filmi düşürmek boýunça maglumatlar ýygnamak tapgyrynda şahyryň durmuşy barada täze maglumatlaryň üstüni açmak başardandygy, şol maglumatlary filmde janlandyrandyklaryny aýdýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» kitabynda hem belleýşi ýaly, «…has anygy, zehinli kinomatograflarymyz ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkiýede, Özbegistanda, Azerbeýjanda, Hindistanda, Eýranda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda bolup, filmler tapgyryny taýýarladylar. Olar şahyryň döredijiliginde aýratyn orun alan ýurtlar hökmünde bellidir» diýip belleýär. Türkmen- özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy kökleriniň aýdyň subutnamasy hökmünde şol filmdäki Magtymgulynyň özbek dostunyň aradan çykmagynyň öňüsyrasyndaky: «Magtymguly, meniň iň soňky haýyşym – goşgy ýazmagyňy dowam et!» diýip ýüzlenýän pursatlaryny aýtmak bolar.
Umuman, 1968-nji ýylda ýazyjy Gylyç Kuliýewiň «Magtymguly» romanynyň esasynda, meşhur režissýor Alty Garlyýew tarapyndan surata düşürilen “Magtymguly” filminden soň Magtymguly Pyragynyň keşbi kino sungatynda peýda bolup başlady we häzirki güne çenli hem dowam edýär. Bu bolsa türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga bolan belent söýüsinden nyşandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmeniň beýik ogly, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi şahsyýetini ebedileşdirmek we sarpalamak boýunça uly işleri alyp barýarlar.
Jumahan HÜMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler