Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda Bütindünýä hindi dili güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň Hindistan üçin sebitdäki möhüm hyzmatdaşdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Ilçi öz çykyşynda Hindistanyň 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň hatarynda bolandygyny belläp geçdi. Şu günki günde döwletleri diňe bir müňýyllyk taryhy kökler däl, eýsem umumy geosyýasy bähbitler hem baglanyşdyrýar.
Şeýle-de ilçi ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriň we özara gatnaşyklaryň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýtdy. Hususan-da, 2026-njy ýylda iki ýurduň liderleriniň 2010-njy, 2015-nji we 2022-nji ýyllarda geçirilen duşuşyklarynyň dowamynda esaslandyrylan ýokary derejeli özara saparlaryň däbiniň dowam etdiriljekdigi nygtaldy.
Hindistan dünýäniň dördünji uly we iň çalt ösýän ykdysadyýetidir. Bu babatda tejribe we tehnologiýalar bilen paýlaşmaga taýýarlyk bildirildi. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde maglumat tehnologiýalary we sanlylaşdyrmak, derman senagaty we saglygy goraýyş, bilim we hünärmen taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem tebigy baýlyklardan özara bähbitli peýdalanmak bellenildi.
Dabaranyň dowamynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ilçi Türkmenistan hökümetine hindi medeniýetiniň, şol sanda sazyň, tansyň, ýoganyň, aýurwedanyň we kinonyň Türkmenistanda giňden ýaýbaňlandyrylmagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ilçi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlar düzümine bütin dünýäde 600 milliondan gowrak adamyň gürleýän dili bolan hindi dilini öwrenmäge berýän goldawlary üçin sag bolsun aýtdy.
Çäräniň çäklerinde türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeginde edebi we aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy, ýoga boýunça görkezme çykyşlary guraldy we myhmanlara hindi aşhanasynyň milli tagamlary hödürlenildi.
Bu dabaraly çäre Aşgabat bilen Nýu-Deliniň arasyndaky barha berkeýän dostlugyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler