Ispaniýanyň “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistanyň ulag, nebit-gaz toplumy we dag-magdan senagaty ýaly strategik ähmiýetli pudaklaryny sanlylaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak babatda uly mümkinçilikleri görýär. Bu barada “Trend” habarlar agentligine kompaniýanyň marketing we korporatiw aragatnaşyklar boýunça menejeri Migel Simon Ramiro maglumat berdi.
Onuň aýtmagyna görä, “Teltronic” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär we ýerli hyzmatdaşlar, tehnologiýa ugurdaşlary hem-de degişli edaralar bilen bilelikde işleşmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Kompaniýa ýurduň milli ösüş maksatlaryna laýyklykda möhüm aragatnaşyk we senagat ulgamlary üçin döwrebap hem-de ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan çözgütleri ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Aragatnaşyk ulgamlary boýunça 50 ýyldan gowrak tejribesi bolan “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistanyň milli infrastrukturasyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri goldamaga taýýardygyny belledi. Habarda nygtalyşy ýaly, kompaniýa TETRA tehnologiýasyny täze nesil giň zolakly çözgütler bilen utgaşdyryp, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlarynyň durnukly we ygtybarly işlemegini üpjün etmegiň toplumlaýyn çemeleşmesini hödürleýär.
“TETRA” (Terrestrial Trunked Radio) — 1995-nji ýylda Ýewropanyň Telekommunikasiýa Standartlary Instituty (ETSI) tarapyndan işlenip taýýarlanan we tassyklanan hünär derejeli sanly ykjam radioaragatnaşyk ulgamydyr. Bu tehnologiýa döwlet edaralary, adatdan daşary ýagdaý gulluklary, ulag hem-de senagat pudaklarynda ulanyjylaryň zerurlyklary üçin niýetlenendir.
Gülnar BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler