Hytaý alymlary tarapyndan kükürtwodorody arassalamakda täze tehnologiýa işlenip taýýarlandy

Hytaýda kükürtwodorody​ arassalamak boýunça möhüm ylmy üstünlik gazanyldy. Bu täze tehnologiýa himiýa senagatynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin döwrebap çözgütleri hödürleýär.

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Dalian​ Himiýa Fizikasy Institutynda işlenip taýýarlanan bu innowasion tehnologiýa resmi taýdan tassyklandy.

Kükürtwodorod tebigy gazy çykarmakda, nebiti gaýtadan işlemekde we kömür-himiýa önümçiliginde döreýän örän zäherli madda bolup, ony zyýansyzlandyrmak we peýdaly serişdä öwürmek senagat üçin uzak ýyllaryň dowamynda kyn mesele bolup geldi.

Ýigrimi ýyldan gowrak wagt dowam eden ylmy-barlag işleriniň netijesinde alymlar kükürtwodorody​ fotoliz​ we elektrohimiki usullar arkaly dargatmagyň täsirli mümkinçiliklerini işläp çykardylar. Bu bolsa uly göwrümli önümçilikde ýüze çykýan tehniki kynçylyklary ýeňip geçmäge ýol açdy.

Häzirki wagtda bu täze tehnologiýa ýylda 100 müň kub metr kükürtwodorody​ peýdaly önümlere öwürmegi maksat edinýän kömür-himiýa görkezme taslamasynyň çäginde ulanylýar. Berilýän maglumatlara görä, kükürtwodorodyň​ öwrüliş derejesi doly, ýagny 100 göterime ýetýär we netijede ýokary hilli kükürt bilen arassa wodorod öndürilýär.

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň akademigi hem-de Dalian​ Himiýa Fizikasy Institutynyň alymy Li San bu tehnologiýanyň daşky gurşawy goramak bilen birlikde, arzan we howpsuz şertlerde uly möçberde wodorod öndürmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Şeýle hem onuň ýangyç elementlerinde we howa-älem pudagynda giňden ulanylyp bilinjekdigini belledi.

Döwletgeldi POTÇYKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy hünariniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok