Ýurdumyzyň syýasatynda ýyllara döwrebap at bermek asylly däp hökmünde yzygiderli dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Bu şygar ýurdumyzyň taryhy ösüş ýolunyň dowamlylygyny, häzirki zaman üstünliklerini hem-de geljege bolan berk ynamy özünde jemleýär.
Şygaryň mazmunynda Garaşsyzlygyň mizemezligi we hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmegi aýratyn orun tutýar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasaty bilen dünýä giňişliginde durnuklylygyň tarapdary hökmünde tanalýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna hyzmat edýär.
«Bedew batly at» obrazy türkmen halkynyň köpasyrlyk medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Ol erkinligiň, gaýratyň, zähmetsöýerligiň hem-de ösüşe okgunlylygyň nyşany bolup, halkymyzyň ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Şygarda bu obraz häzirki döwürde ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşleriň, iri gurluşyk taslamalarynyň we durmuş özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyny alamatlandyrýar.
2026-njy ýylyň şygary jemgyýetçilik-syýasy durmuşda, medeni-köpçülikleýin çärelerde hem-de zähmet üstünliklerinde ruhlandyryjy güýç hökmünde çykyş eder. Şeýle-de ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, milli gymmatlyklary gorap saklamaga we döredijilikli jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilen işleriň mazmunyny baýlaşdyrar.
Şu şygar astynda alnyp baryljak işler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüş ýolunda täze sepgitlere ýetmegine, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna şert döreder. 2026-njy ýyl Türkmenistanyň taryhynda parahatçylyk, ösüş we beýik maksatlar bilen baglanyşykly ýene bir manyly sahypa hökmünde ýatda galar.
Muhammet SÜLEÝMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Teswirler