Häzirki globallaşma we sanly ösüş şertlerinde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti barha artýar. Jemgyýetiň ähli ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi, bilimli we köp dilli hünärmenlere bolan islegiň ýokarlanmagyna getirýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dilleri okatmakda innowasion tehnologiýalary ulanmak häzirki zaman bilimiň möhüm talaplarynyň birine öwrüldi. Innowasion tehnologiýalar okuw prosesini has täsirli, gyzykly we netijeli guramaga mümkinçilik berýär.
Innowasion tehnologiýalar diýlip, maglumat-aragatnaşyk serişdelerine, sanly platformalara, interaktiw programma üpjünçiliklerine we täze pedagogik usullara esaslanýan okuw gurallaryna düşünilýär. Bu tehnologiýalar daşary ýurt dilini öwrenmegiň esasy ugurlary bolan diňlemek, okamak, ýazmak we geplemek başarnyklaryny toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilýär. Onlaýn okuw platformalary, mobil goşundylar, multimedia serişdeleri, wideo we audio ýazgylar dil öwrenmegiň tebigy gurşawyny döretmäge ýardam edýär.
Daşary ýurt dilleri okatmakda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Okuwçylar dili diňe bir teoriýa hökmünde däl-de, eýsem aragatnaşyk serişdesi hökmünde kabul edip başlaýarlar. Interaktiw maşklar, onlaýn testler we wirtual gepleşikler okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmegini hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürýär. Mundan başga-da, sanly tehnologiýalar her bir okuwçynyň bilim derejesine görä okuw materiallaryny saýlamaga mümkinçilik berýär.
Innowasion tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagynda mugallymyň orny aýratyn möhümdir. Mugallym häzirki wagtda diňe maglumat beriji däl, eýsem okuw prosesini ugrukdyryjy, maslahatçy we höweslendiriji hökmünde çykyş edýär. Tehnologiýalary ýerlikli we maksada laýyk ulanmak mugallymyň hünär taýýarlygyna baglydyr. Mugallym sanly serişdeleri pedagogik taýdan dogry birleşdirip, okuwçynyň dil başarnyklarynyň ösüşine gönükdirilmelidir.
Netijede, daşary ýurt dilleri okatmakda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy bilim ulgamynyň ösüşiniň möhüm ugrudyr. Olar okuw prosesini döwrebaplaşdyrýar, okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrýar we halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply şahsyýetleri kemala getirmäge ýardam berýär. Geljekde sanly tehnologiýalaryň has-da kämilleşmegi bilen dil okatmagyň mümkinçilikleri giňeler.
Aýgül TARNAWOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler