Pekin dünýäniň öňdebaryjy AI şäheri bolmagy maksat edinýär

Pekiniň häkimiýetleri geljek iki ýyl üçin emeli aň (AI) ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamany tanyşdyrdy. Bu başlangyç şäheri dünýä derejesinde öňdebaryjy emeli aň merkezleriniň birine öwürmegi maksat edinýär.

Resminamada görkezilişi ýaly, Pekin emeli aň pudagynyň esasy bazarynyň möçberini 1 trillion ýuana, ýagny takmynan 140 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu görkeziji 2025-nji ýyl üçin çaklanylýan 450 milliard ýuan bilen deňeşdirilende, iki esseden hem ýokary ösüşi aňladýar.

Meýilnama senagatyň möhüm ugurlaryny gurşap alýan 9 sany strategik başlangyjy durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda tehnologik taýdan düýpli ösüşlere ýetmek, maglumat toplumlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmak hem-de emeli aň tehnologiýalaryny ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna giňden ornaşdyrmak bar.

Tehnologiýalaryň ösüşi bilen bir hatarda, maksatnama ýokary derejeli hünärmenleri özüne çekmek we uzak möhletleýin maýa goýumlaryny üpjün etmek boýunça çäreler toplumyny hem öz içine alýar.

Pekiniň ösüş we özgertmeler boýunça munisipal komitetiniň ýolbaşçysy Ýan Sýulin bu özgertmeleriň esasyny 100 müňden gowrak çip kuwwatyna eýe bolan hasaplaýyş klasteriniň döredilmegi, şeýle-de pudakda 10-dan gowrak täze öňdebaryjy kompaniýanyň we 20-den gowrak “ýeke-täk” (unicorn) kärhananyň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrdy. Onuň bellemegine görä, bu çäreler Hytaýyň paýtagtynyň dünýä derejesindäki öňdebaryjy emeli aň şäherine öwrülmegini çaltlandyrmaga gönükdirilendir.

Hytaýyň maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary akademiýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli emeli aň ulgamynda 5300-den gowrak kompaniýa hasaba alnyp, bu görkeziji dünýä boýunça degişli kärhanalaryň umumy sanynyň 15 göterimine deňdir.

Dawut REJEPOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz

uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we
kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok