GITEX Central Asia 2026: ilkinji gezek Merkezi Aziýada geçiriler

2026-njy ýylyň iýun aýynda Merkezi Aziýa dünýä tehnologiýa giňişligine möhüm ädim ädýär. Dünýäniň iň iri IT-brendleriniň biri bolan GITEX​ ilkinji gezek sebitde geçirilip, GITEX​ Central​ Asia​ & Caucasus​ forumy 2–4-nji​ iýun aralygynda Astanada guralar. Goňşy ýurtlar, şol sanda Türkmenistan üçin bu çäre diňe bir sergi bolman, eýsem häzirki wagtda emele gelýän bitewi sanly ekoulgama goşulmak üçin möhüm mümkinçilik bolup durýar.

Astana şäherinde geçiriljek GITEX​ Central​ Asia​ 2026 forumy GITEX​-iň guramaçysy bolan Dubaý Bütindünýä Söwda Merkeziniň (DWTC​) maýa goýum bähbitleri bilen Merkezi Aziýanyň tehnologik kuwwatynyň duşuşýan meýdançasyna öwrüler. IT-parklary we «elektron hökümet» ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns berýän Türkmenistan üçin bu çäre emeli aň (AI) ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, tejribe alyşmak we wençur​ maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly platformadyr​.

Gazagystanyň emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan​ Madiýew​ 2026-njy ýyl üçin pudagyň ileri tutulýan esasy ugurlaryny mälim etdi. Ol möhüm taslamalaryň biri hökmünde Hazar deňziniň düýbi boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk liniýasynyň çekilmegini görkezdi.

Ministriň bellemegine görä, ýylyň ahyryna çenli Hazar deňzi arkaly Azerbaýjana çenli optiki kabeliň gurluşygy tamamlanar. Bu taslama Gazagystanyň halkara maglumat traffigindäki​ paýyny häzirki 1,5 göterimden 2027-nji ýyla çenli 5 göterime çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar arkaly döredilýän bu «sanly köpri» sebiti dünýä internet ulgamynda durnukly we möhüm gatnaşyjy hökmünde görkezýär.

Madiýew​ syýahatçylar üçin hem täze tehnologiýalaryň ornaşdyryljakdygyny​ aýtdy. 2026-njy ýyldan başlap, Starlink​ we beýleki operatorlaryň hemra aragatnaşyk ulgamlary «Gazagystan Temir Žoly» kompaniýasynyň otlularynda hem-de Air Astana awiakompaniýasynyň uçarlarynda işe giriziler. Şeýle-de, hemra arkaly gönüden-göni smartfonlara internet hyzmatynyň (antenna diňleri bolmazdan) geljek ýyldan başlap elýeterli bolmagy meýilleşdirilýär. Bu aýratyn-da giň meýdanly we aragatnaşyga elýeterligi çäkli ýurtlar üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Mundan başga-da, Gazagystan ýerüsti uzakdan zondlama​ maksatly öz hemralaryny öndürmäge başlar hem-de kosmos hyzmatlarynyň eksportyny 75 million amerikan dollaryndan ýokary derejede meýilleşdirýär.

Kerkawgeldi BAGYBEKOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok