Bedew — türkmen halkynyň milli gymmatlygy

Türkmen halkynyň taryhy bedew atsyz göz öňüne getirilmeýär. Asyrlaryň dowamynda bedew diňe bir ulag serişdesi däl-de, eýsem milletimiziň ruhy güýjüniň, edermenliginiň we asyllylygynyň aýdyň nyşany bolup gelýär. Ata Watanymyzyň giň sähralarynda bedew bilen baglanyşykly dörän däpler, rowaýatlar we sungat eserleri halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.


Türkmen bedewi dünýä ýüzünde öz gözelligi, çydamlylygy we wepalylygy bilen tanalýar. Ahalteke atlary gadymy döwürlerden bäri patyşalaryň, serkerdeleriň hem-de şöhratly şahsyýetleriň söýgüli bedewleri bolupdyr. Bu gün hem bedewlere goýulýan sarpa döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Atçylyk sportynyň ösdürilmegi, seleksiýa işleriniň kämilleşdirilmegi we halkara derejesindäki çäreleriň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.


Bedew atlar diňe bir taryhy ýadygärlik däl, eýsem häzirki zaman ösüşleriniň hem aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanda atçylyk bilen baglanyşykly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, döwrebap atçylyk toplumlary döredilýär, ýaş nesliň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmak üçin ýörite çäreler geçirilýär. Bu işler halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan hormatynyň subutnamasydyr.


Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl Türkmenistanda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary diýilip yglan edildi. Bu şygar bedew atlaryň türkmen döwletliligindäki aýratyn ornuny, Garaşsyzlygyň hem-de Bitaraplygyň milli ösüşlerimizdäki ähmiýetini çuňňur manyda beýan edýär. Bu şygar halkymyzyň taryhyna, häzirki zaman ösüşlerine we geljege bolan ynamynyň beýanydyr.


Bedew at türkmen halky üçin buýsançdyr, ýol görkezijidir, ruhy daýançdyr. Ol ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hem hyzmat edýär.

Gülşat ŞAKULOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk

institutynyň talyby.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok