Aşgabatda oba hojalyk we azyk pudagy boýunça halkara sergiler geçiriler

2026-njy ýylyň 12–14-nji​ maýy aralygynda Aşgabatda “Agro​ Pack​ Turkmenistan 2026 ” atly halkara ýöriteleşdirilen sergi bilen bir hatarda “Food​ Turkmenistan 2026 ” halkara sergisi geçiriler. Bu barada degişli sergileriň resmi internet sahypalarynda habar berilýär.

Sergileriň dowamynda azyk we içgi önümlerini öndürmek üçin ulanylýan enjamlar, gaplaýyş tehnikalary we serişdeleri, dürli azyk önümleri hem-de iýmit goşundylary, şeýle hem çörek we konditer önümçiligi üçin niýetlenen häzirki zaman tehnologiýalary, myhmanhana we jemgyýetçilik iýmitleniş ulgamy üçin döwrebap çözgütler hödürlener.

Mundan başga-da, sergide ýyladyşhana hojalygy, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlarynda alnyp barylýan işler, däne saklaýyş we degirmen toplumlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumçylyk materiallary, dökünler we suwarmak ulgamlary bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.

2024-nji ýylda geçirilen sergide Türkmenistandan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasyndan hem-de Türkiýe Respublikasyndan 75 kompaniýany bir ýere jemläpdi. 2026-njy ýylda bolsa guramaçylar halkara gatnaşygyň has-da giňelmegine garaşýarlar — sergä 120 -den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar.


Şirmyrat ÇARYMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Ekerançylyk önümlerini gaýtadan

işlemek kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok