Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleri bilen bilelikde guraldy.

Maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmuny giňden açylyp görkezildi, türkmen bedewleriniň taryhy şan-şöhraty, olaryň milli gymmatlyk hökmünde ähmiýeti barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de bedewleri wasp edýän rowaýatlar we çeper jümleler beýan edildi.

Dabarada institutyň çeper höwesjeň talyp ýaşlary halkymyzyň asuda, parahat durmuşyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ataş GANDYMOW​,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok