Özbegistan Türkmenistan bilen serhedindäki Düýeboýun suw howdanynyň göwrümini giňeltmegi meýilleşdirýär

Özbegistan Respublikasy “Özbegistan–2030 ” maksatnamasy çäginde Türkmenistanyň bilen serhetleşýän Düýeboýun suw desgasynyň suw saklaýyş kuwwatyny artdyrmak taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar.

Taslamanyň çäklerinde suw howdanynyň göwrümi 1 milliard kub metre çenli giňeldiler, diýip “upl​.uz” habar berýär.

Bu taslama 1,2 million gektardan gowrak meýdanda suw üpjünçiligini has ygtybarly etmäge hem-de ilatyň süýji suwa bolan strategik zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Düýeboýun suw desgasy Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýän uly inženerçilik toplumy bolup, dört suw howdanyndan ybarat we Amyderýanyň akymyny dolandyrmak üçin kanallar we şlýuzlar​ arkaly baglanyşdyrylýar.

Gunça BEGENJOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok