Hytaý 2030-njy ýyla çenli döwrebap demir ýol ulgamyny tamamlar

Hytaý Halk Respublikasy 2030-njy ýyla çenli dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman demir ýol ulgamynyň gurluşygyny doly tamamlamagy maksat edinýär. Bu barada Hytaýyň Demir Ýollary gullugy resmi maglumat berdi. Meýilnama ýurduň sebitleriniň arasynda aragatnaşygy has-da güýçlendirmegi maksat edinýär.

Berlen maglumatlara laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli Hytaýda demir ýol ulgamlarynyň umumy uzynlygy 180 müň kilometre ýetiriler. Şolaryň takmynan 60 müň kilometri ýokary tizlikli demir ýol ugurlaryndan ybarat bolar.

2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýurduň demir ýol ulgamynyň umumy uzynlygy 165 müň kilometre barabar bolup, ýokary tizlikli demir ýol liniýalarynyň uzynlygy 50 müň kilometreden​ geçdi.

Soňky ýyllardaky ösüş görkezijileri has-da artdy, ýagny 2021–2025-nji​ ýyllar aralygynda Hytaýyň demir ýol ulgamynyň umumy uzynlygy 12,8 göterim ýokarlandy, ýokary tizlikli demir ýol liniýalary bolsa 33 göterim töweregi giňeldi.

Jamal MANAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok