Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan aýdym-sazly çäre geçirildi

Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygaryna hem-de onuň jemgyýetçilik-syýasy we medeni ähmiýetine bagyşlanan dabaraly aýdym-sazly çäre geçirildi.

Çärä Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary, atçylyk ulgamynyň wekilleri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary we hünärmenleri, hormatly ýaşulular, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Häkimligiň eýwanynda Arkadag şäheriniň ösüşlerini hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini şöhlelendirýän şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserlerinden, haly önümlerinden, zergärçilik nusgalaryndan we fotosuratlardan ybarat sergi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserlerine aýratyn orun berildi.

Çäräniň dowamynda geçirilen maslahatda Türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl we 2026-njy ýylyň şygarynyň yglan edilmegi mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Çykyş edenler her ýyly bir şygar astynda geçirmek däbininiň ýurduň ösüşiniň strategik ugurlaryny açyp görkezýändigini we jemgyýetiň watansöýüjilik ruhuny berkitmäge ýardam edýändigini nygtadylar.

Täze ýylyň şygarynda milli guwanjymyz we Garaşsyz Türkmenistanyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ahalteke bedewi bilen baglanyşykly nyşana aýratyn üns berildi. Gündogar senenamasyna görä 2026-njy ýylyň “At ýyly” boljakdygyny nazarda tutanyňda, bu ýylyň “ganatlanan bedewleriň ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysynyň bardygy bellenildi.

Şeýle-de çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň ähmiýetini belläp, ýurduň halkara parahatçylygyny we durnuklylygy berkitmekdäki ornuna ünsi çekdiler. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara üstünlikleri aýratyn bellenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok