Ýangyç energetika toplumynda ösüşler gazanylýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň ilkinji günleri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşdy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň alyp baran netijeli işleri netijesinde tebigy gazyň täze senagat akymlary alyndy. Hususan-da, «Galkynyş» gaz käninde burawlanan 110 belgili guýudan bir gije-gündizde 2 million kub metrden gowrak tebigy gaz alyndy. Şeýle-de Merkezi Garagum gaz känler toplumynda ýerleşýän Toparjulba gaz käninde hem täze gaz akymlary gazanyldy.

«Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda burawlanan 264 belgili guýudan bir gije-gündizde 300 müň kub metre golaý tebigy gazyň akymynyň alynmagy pudagyň sazlaşykly ösüşini görkezýär. Bu üstünlikler önümçilige häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny tassyklaýar.

Ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan giň möçberli işler ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna, energetika kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň dünýä energetika bazaryndaky ornunyň has-da berkidilmegine ýardam edýär.

Tawus SEÝITLIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok